“Aston Willa” soňky 41 ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşar

  • 16.05.2024 15:54
  • 6.4k+

“Tottenhemiň” Angliýanyň premýer-ligasynyň 34-nji tapgyrynyň “Mançester Siti” bilen yza süýşürilen oýnunda utulmagy (0:2) “Aston Willanyň” APL-iň häzirki möwsüminiň jemi boýunça iň gowy toparlaryň dörtlüginde orun almagyny kepillendirdi. Şeýlelikde, Birmingem topary soňky 41 ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Ýatlap geçsek, Angliýanyň çempionatynyň 37 tapgyryndan soň “Tottenhem” 63 utuk bilen bäşinji orunda ýerleşýär. “Aston Willa” bolsa şonça oýundan soň 68 utuk gazandy we dördünji orny eýeledi. Angliýanyň çempionatynyň ahyryna çenli bir tapgyr galdy, şonuň üçin “Tottenhemiň” “Aston Willanyň” yzyndan ýetmäge matematiki mümkinçiligi ýok.
Birmingem toparynyň häzirki baş tälimçisi ispaniýaly hünärmen Unai Emeridir. Ol bu topar bilen 2022-nji ýylyň güýzünden bäri işleşýär.


düýn 20:28
5.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.6k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....