«Sýogun» ikinji möwsüme uzaldylyp bilner: serialyň esasy aktýory täze şertnama gol çekdi

  • 13.05.2024 11:03
  • 7.1k+

Ýapon kinosynyň ýyldyzy Hiroýuki Sanada "Sýogun" serialyny çykaran FX ýaýlymy bilen täze şertnama gol çekdi. Munuň özi Jeýms Klawelliň adybir romany esasynda düşürilen serialyň ikinji möwsüme uzaldylyp bilinjekdigi barada çaklamaga esas berýär diýip, Deadline habar berýär.

FX muny heniz resmi taýdan tassyklamasa-da, fewral aýynyň ahyrynda çykan birinji möwsümiň üstünlik gazanmagy bu barada gürrüňleri çyna öwrüp biler. Angliýaly Jek Blektornyň (Kosmo Jarwis) XVII asyr feodal Ýaponiýasynda başdan geçirenleri tomaşaçylaryň we tankytçylaryň söýgüsini gazandy. Hiroýuki Sanada hökmürowan lord Toranaganyň keşbini ýerine ýetirdi.
"Sýogun" serialy Hulu akym hyzmatynda tomaşa sany boýunça rekord goýup, uly üstünlik gazandy. Serialy surata düşürmäge Reýçel Kondo we "Oskora" dalaşgär Jastin Marks ("Top Gan: Mewerik") gatnaşdy.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:13
4.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....