Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy

  • 13.05.2024 10:07
  • 14k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Akademiýanyň ýapyk manežinde Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar bilen söhbetdeş boldy.
Ussat halypa atşynas körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra ussat atşynas Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy we çagalaryň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren teklibi uly höwes bilen makullanyldy. Şeýlelikde, halypa atşynas hormatly Arkadagymyz täze toparyň işine ak pata berip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa atçylyga höwes bildirýän çagalara goldaw bermek we bu ugra höwesli ýaşlary toparyň agzalygyna çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň her hepdede ata erk etmek boýunça türgenleşik geçmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Atçylyk bilen meşgullanmaga höwes bildirýän çagalaryň hünär eýesi bolmagyna gazna tarapyndan yzygiderli goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde “Biz — Arkadagly Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň geçirilýändigini, oňa ahalteke bedewleriniň çeper keşbini şekillendirmäge höwes edýän köp sanly çagalaryň gatnaşýandygyny belledi.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......