Londonda start-ap adaty bolmadyk ulagy – pedalda işleýän ýük awtoulagyny hödürledi

  • 12.05.2024 21:34
  • 14k+

Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň we welosipedleriň ornuny tutmaga niýetlenendir diýip, Mail.ru ýazýar.

ePack 250 wattlyk elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol  ulagyň tizligini sagatda 25 km-ä ýetirýär. Pedallar agyr ýük daşalanda motora kömek etmek üçin ulanylýar. Batareýa bir gezek berlen zarýad 60-100 km-e sürmek üçin ýeterlik, iň ýokary ýük göterijiligi 350 kg, tirkeg göwrümi 4000 litr.
Ýük awtoulagynyň welosiped ýodalaryndan we pyýada ýörelgelerinden hereket etmäge mümkinçilik berýän 6 tigri, ortaça galyňlygy (900 mm) we 5 metr uzynlygy bar. ePack-iň ilkinji prototipleriniň korpusy aýna süýmünden ýasalýar, ýöne geljekde Cityshuttle gaýtadan işlenen plastmassa geçmegi meýilleşdirýär. Tirkegiň gapdal tarapynda mahabat görkezmek üçin QLED ekrany bar.

ePack eýýäm Londondaky käbir eltip berme hyzmatlary tarapyndan ulanylýar. Öňümizdäki 2 aýda başlangyç täze hyzmatdaşlaryna elektrik ýük ulaglaryny etmegi meýilleşdirýär we ýylyň ahyryna çenli ePack taksi hyzmatlarynyň bir bölegine öwrüler. Cityshuttle ePack-leri satmaýar, diňe kärendesine berýär.


düýn 19:18
2.4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......