“Ýüzükleriň hökümdarynyň” dünýäsi barha giňeýär: “Gollum awlamaga çykmak” filmi bildiriş edildi

  • 11.05.2024 18:18
  • 9.4k+

Warner Bros. Discovery kompaniýasy “Ýüzükleriň hökümdarynyň” («Властелин колец») älemine esaslanýan täze filmi bildiriş etdi. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak” («Властелин колец: Охота на Голлума») diýlip atlandyrylýan bu film J.R.R.Tolkiniň eserleri esasynda döredilen täze franşizanyň bir bölegi bolar diýip, Variety habar berýär.

Filme Piter Jeksonyň trilogiýasyndaky keşbi bilen tanalýan Endy Serkis režissýorlyk eder we baş keşbi janlandyrar.
Filmiň edebi esasy ýazylyp başlandy. Warner Bros. Discovery-niň ýolbaşçysy Deýwid Zaslawyň sözlerine görä, ol "entek aýdylmadyk hekaýatlary" gürrüň berer. Asyl trilogiýanyň döredijileri Piter Jekson, Fren Uolş we Filippa Boýens ýerine ýetiriji prodýuserler bolar.
“Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak” 2026-njy ýylda çykarylar.
Bu Warner Bros.–yň Ortaýere dolanmaga birinji gezek synanyşyşy däl. 2012-2014-nji ýyllarda Jekson “Hobbit” trilogiýasyny çykardy. Bu ýyl bolsa “Ýüzükleriň hökümdarynyň” janköýerlerine Prime Video akym hyzmatynda goýberiljek “Häkimiýet ýüzükleri” serialynyň ikinji möwsümi garaşýar.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......