Noutbuklar personal kompýuterleri bazardan gysyp çykarýarlar. Olar üçin prosessorlar bazaryň 73%-ini tutýar

  • 11.05.2024 16:37
  • 3.9k+

Jon Peddie Research–iň analitikleriniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde kompýuter prosessorlary bilen üpjünçilik, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33% artyp, 62 million birlige ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, çärýek boýunça deňeşdirilende 9,4%-e çenli pese gaçma bar diýip, IXBT habar berýär.

Noutbuklara tarap tendensiýa dowam edýär: birinji çärýekde ähli prosessor üpjünçiliginiň 73%-i ykjam enjamlara, 27%-i personal kompýuterlerine degişli boldy. Bir ýyl ozal bu gatnaşyk 68% bilen 32% bolupdy.
Integrirlenen grafikaly (iGPU) prosessorlar agdyklyk edýär: ýyllyk üpjünçilik 30% artyp, 56 million birlige ýetdi. Seljerijiler 2029-njy ýyla çenli iGPU-nyň bazardaky paýynyň 98%-e ýetjekdigini çaklaýarlar.
IGPU segmentinde Intel 82% paý bilen öňde barýar, ýöne ýylyň dowamynda birneme azaldy (85%-den).

düýn 10:17
5.3k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......