Dünýäniň iň gadymy jenap klublaryndan biri 200 ýyllyk gadaganlykdan soň, zenanlara gapylaryny açar

  • 11.05.2024 10:53
  • 11k+

Iňlis jenaplarynyň (jentlmenleriniň) 1831-nji ýylda döredilen meşhur "Garrik" kluby 200 ýyl töweregi taryhynda ilkinji gezek zenanlara gapylaryny açdy diýip, BBC habar berýär.

Birnäçe ýyllap dowam eden çekeleşiklerden we klubuň düzgünlerine üýtgetmeler girizilenden soň, zenanlar ahyrsoňy agza bolmaklyga hukuk aldylar. Bu karar berk däp-dessurlary bilen tanalýan edaranyň taryhynda möhüm ädim bolup, klub agzalarynyň takmynan 60%-i tarapyndan goldanyldy.
XVIII asyryň aktýory Dewid Garrikiň adyny göterýän “Garrik” kluby dünýäniň iň garry hususy klublaryndan biridir. Ol aktýorlara deň şertlerde duşuşmak üçin ýer bermek maksady bilen döredildi.
Onuň agzalarynyň hatarynda Sting, Stiwen Fraý, Benedikt Kamberbetç we hatda patyşa Karl III, şeýle hem kazylar, syýasatçylar, meşhur sazandalar we aktýorlar bar.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
987

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......