Messi “gol+pass” ulgamy boýunça 1250 utuk toplap, XXI asyryň rekordyny goýdy

  • 10.05.2024 14:44
  • 10k+

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasyndaky nobatdaky şanly sepgide ýetdi. Forbesiň habar bermegine görä, MLS-iň “Nýu-Ýork Red Bulls” bilen geçen oýnunda 36 ýaşly futbolçy bir gol geçirip, bäş gezek netijeli pas berdi we netijede XXI asyryň “gol+pas” ulgamy boýunca 1250 utuk gazanan ilkinji oýunçysy boldy.

Umuman alanyňda, Messi karýerasynda 1080 oýna gatnaşyp, 839 pökgi geçirdi we  411 gezek netijeli pas berdi.
Bu rekord ady rowaýata öwrülen argentinaly futbolçynyň karýerasyndaky ýene bir üstünlik boldy. Geçen ýyl “Inter Maýami” toparyna goşulany bäri, Messi ähli ýaryşlarda 25 gezek çykyş edip, 23 pökgi geçirdi we 16 gezek netijeli pas berdi. Ýene 6 gol bilen Messi Florida klubynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolup biler, häzir bu üstünlik onuň klub üçin 70 oýunda 29 pökgi geçiren watandaşy Gonsalo Iguaine degişlidir.
“Inter Maýami” 12 oýundan soň 24 utuk bilen MLS-iň sanawynda öňdeligi eýeleýär.


25.05.2026 23:07
6.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
4.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....