Amazon kompaniýasy robotlaryň ulanylyşyny artdyryp, pudakda öňdebaryjy orny eýeledi: kompaniýada robotlaryň sany üç ýylda iki esseden gowrak artdy diýip, ixbt.com ýazýar.
2021-nji ýylyň başyndan bäri Amazon-yň ammarlarynda robotlaryň sany 350 müňden 750 müňe çenli artdy, bu hem kompaniýany dünýäde senagat robotlaryny iň uly ulanyja öwürýär.
Amazon harytlary tertiplemek, göçürmek we saklamak üçin Robin, Sparrow, Proteus, Hercules we Sequoia modelleri ýaly dürli görnüşli robotlary ulanýar. Bu robotlar diňe bir öndürijiligi ýokarlandyrman, eýsem iş orunlarynda şikes almalaryň we heläkçilikleriň sanyny azaldýar.
Amazon Robotics-iň wise-prezidenti Skott Dresseriň aýtmagyna görä, robotlaryň işe çekilmegi işgärleriň ornuny tutmaýar-da, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Amazon soňky 10 ýylda robototehnika bilen baglanyşykly ýüzlerçe müň täze iş orunlaryny, şol sanda öň bolmadyk 700 sany ýokary hünärli hünärmenler kategoriýasyny döretdi.
Amazon-yň 2023-nji ýyldaky ýyllyk hasabatyna görä, kompaniýada robotlaryň sany 1 525 000 adam bolan işgärleriň sanyndan ep-esli azdyr.
Belläp geçsek, robotlaryň ulanylyşynyň artmagy iş orunlarynyň azaldylmagyna-da getirdi – bu Amazon Web Services bölümçesine täsir etdi hem kompaniýanyň ýylyň ilkinji üç aýynda umumy girdejisiniň 143,3 mlrd dollar bolandygyna garamazdan bolup geçdi. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 13% köpdür. Kompaniýanyň 142,65 mlrd dollar möçberde girdeji almagyna garaşylypdy. Operasion girdeji 200%-den gowrak ýokarlanyp, 15,3 mlrd dollar boldy.