TikTok ABŞ-da mümkin bolan gadaganlygyny ýatyrmak üçin kazyýete arza berdi

  • 10.05.2024 14:05
  • 7.4k+

TikTok-yň ýolbaşçylygy we sosial ulgamyň eýesi ByteDance amerikan kazyýetine hytaý kompaniýasyny platformany satmaga ýa-da ony Birleşen Ştatlaryň çäklerinde gadagan etmäge borçlandyrýan kanuny ýatyrmak haýyşy bilen şikaýat arzasyny berdiler.

Degişli resminama Kolumbiýa paýtagt okrugynyň şikaýat kazyýetiniň bazasynda ýerleşdirildi.
Şikaýat arzasynda söz azatlygyny goraýan ABŞ-nyň Konstitusiýasyna ilkinji düzedişleriň amerikan häkimiýetleri tarapyndan bozulýandygy barada aýdylýar. Resminamada bellenilişi ýaly, kanun “2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli TikTok-yň gadagan edilmegine getirip, platformany aragatnaşyk saklamak üçin ulanýan 170 mln amerikalynyň agzyny ýumdurar”.
TikTok-yň arzasynda täjirçilik, tehniki we hukuk päsgelçilikleri, şeýle-de Pekin tarapyndan närazylyklar görkezilýär. Sosial ulgamyň satuwy, aýratynam, 270 günde, “mümkin däl” diýip, kanunyň ýurduň Konstitusiýasyna laýyk gelýändigini gözden geçirmäge çagyran şikaýatçylar belleýär.
Amerikaly bilermenler bu iş ABŞ-nyň Ýokary kazyýetine baryp ýeter diýip hasaplaýarlar.


düýn 00:57
4.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....