Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň ilatyna 200-e golaý döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat berdi

  • 09.05.2024 13:19
  • 24k+

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etdi. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ahal welaýatynyň ilatyna orta we kiçi synply döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-siniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdiriler. Bu awtobuslar welaýatyň ýaşaýjylarynyň gatnaw mümkinçiliklerini gowulandyrmakda ajaýyp şertleri döreder. «HIACE» we «COASTER» kysymly ýolagçy awtobuslary önümçilik birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagynda, welaýatyň ilaty üçin täze ugurlaryň ýola goýulmagynda, hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......