“PSŽ” topy derwezäniň sütünine urmakda Çempionlar ligasynyň üç antirekordyny goýdy

  • 08.05.2024 23:27
  • 10k+

“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynda möwsümi nobatdaky gezek arzyly kubogy alyp bilmän tamamlady. Bu gezek olar ýarym finalda Dortmundyň “Borussiýasyndan”  iki oýnuň jemi boýunça 0:2 hasap bilen utuldy.

“Park de Prens” stadionynda geçen jogap duşuşygynda gol geçirmäge mümkinçiliginiň köp bolandygyna garamazdan, parižliler olardan ýerlikli peýdalanyp bilmediler, gaýtam ýaryşda birtopar antirekord goýdular diýip, Opta Sport ýazýar.
Derwezäniň sütünine 14 urgy: “PSŽ” Çempionlar ligasynyň taryhynda bir möwsümde derwezäniň kese we dik sütünlerine 14 gezek urgy eden ilkinji topar boldy.
Pleý-off oýnunda 4 urgy: “Borussiýa” bilen ýarym finaldaky jogap oýnunda parižliler garşydaşynyň derwezesiniň berkligini dört gezek barlap gördüler, bu hem Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnunda antirekord boldy.
Bir gapma-garşylykda derweze sütünine 6 urgy: “Borussiýa” bilen geçirilen iki ýarym final duşuşygynyň jemi boýunça Luis Enrikeniň topary 6 gezek dik we kese sütünlerine urup, Çempionlar ligasynda iki oýunlyk antirekord goýdy.
Bu antirekordlardan başga-da, “PSŽ” Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda gol geçirmän uran urgularynyň sany boýunça hem "rekord" eýesi boldy: fransuz klubunyň oýunçylary “Borussiýanyň” derwezesine 30 urgy etdi, ýöne hiç birinde hem nyşana dogry çenäp bilmediler.


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....