Osakada "Expo 2025" sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň dizaýny görkezildi

  • 08.05.2024 15:53
  • 10k+

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny we “Gowy geljege ylham bermek” atly mowzugyny hödürledi.

Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanyp, ol eko-görnüşde gurnaldy.
Bu ýerde myhmanlar Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we durnukly ykdysady ösüşi bilen tanşyp bilerler. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň “Belli” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynyň gutarnykly görnüşi bolman, eýsem, taslamasynyň üstünde ýene-de işleniler. Türkmenistanyň Milli gününi 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýagny serginiň açylyş gününden bir gün soň geçirmek meýilleşdirilýär.
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary bilen geçiriler.


şu gün 00:03
359

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......