Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada dabaraly ýörişiň myhmany bolar

  • 07.05.2024 06:47
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşjak hormatly myhmanlaryň hatarynda bolar.

Dabara gatnaşjak beýleki hormatly myhmanlaryň hatarynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo bar. Bu barada Kremliň Metbugat gullugy habar berýär.
Wladimir Putin bilen bilelikde Liderler Näbelli Gahrymanyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşarlar. Soňra Kremlde RF-niň Prezidentiniň adyndan dabaraly kabul edişlik bolar.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....