Ýylyň iň şowsuz 3 blokbasteri mälim edildi: ýitgiler - 535 million dollar

  • 07.05.2024 12:11
  • 11k+

Super gahrymançylykly “Kapitan Marwel 2” we “Flash” blokbasterleri, şeýle hem Indiana Jons hakyndaky franşizanyň soňky bölümi 2023-nji ýylyň iň şowsuz blokbasterleri diýlip yglan edildi. Olar kassa ýygymynda hem studiýalaryna ýüzlerçe million dollar ýitgi çekdirdi diýip, Deadline-na salgylanýan RG.ru ýazýar.

Býujeti 270 million dollar (umumy çykdajysy 455 million dollar) bolan “Kapitan Marwel 2” bary-ýogy 218 million dollar girdeji gazandy we Disneý-e 237 million dollar ýitgi çekdirdi. Film ilkibaşdan tomaşaçylary gyzykdyryp bilmedi. Tankytçylaryň synlary dürli-dürli boldy we döredijiler şowsuzlygyň sebäbini aktýorlaryň iş taşlaýyşlaryndan gözlediler.
Býujeti 200 million dollar (umumy çykdajysy 405 million dollar) bolan “Fleş” bary-ýogy 250 million dollar gazanyp, Warner Bros. Discovery -niň çeken ýitgisi 155 million dollar. Köp sanly dawa-jenjeliň gahrymanyna öwrülen baş keşbi janlandyran  aktýor Ezra Milleriň negatiw keşbi filmi ýürekgysgynç edip, tomaşaçylary özünden daşlaşdyrdy.
Paramount Pictures-iň uly umyt baglan Indiana Jons hakyndaky jemleýji  filmi hem garaşylýan netijäni bermedi. 220 million dollar býujet bilen (umumy çykdajylary 516 million dollar) 277 million dollar gazandy, studiýa bolsa 143 million dollar ýitirdi.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....