Leonardo Di Kaprio it bilen möjegiň dostlugy hakda film surata düşürer

  • 06.05.2024 15:03
  • 4.4k+

Amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio daşky gurşawyň işjeň goragçysy we primatolog Jeýn Gudall bilen bilelikde “Uwwuldy” (“Вой”) atly filmi surata düşürer. Film möjek bilen itiň arasyndaky ajaýyp dostluk hakda gürrüň berer diýip, Deadline ýazýar.

Kinorežissýorlar film "äpet erbet möjek" baradaky göz öňüne getirmäni ýok edip, adamlaryň möjeklere bolan garaýşyny üýtgeder we olaryň tohumynyň  goralmagyna täsirini ýetirer diýip umyt edýärler.
Gudall: "Möjekleriň biziň bilen bile ýaşamagynyň zerurdygyny düşündirip bileris we bu mukaddes jandarlary boluşlary ýaly görkezmegi başararys diýip umyt edýärin" -diýdi.
Baş gahryman Garri atly it bolar, ol eýeleriniň pajygaly ölüminden soň ýeke galýar. Tebigatda ol möjek bilen tanyşýar hem-de olar başky gorkusyny we duşmançylygyny ýeňip, bilelikde ýaşamagy we kynçylyklary ýeňip geçmegi öwrenmeli.
Filmde haýwan bilen bagly wakalardan başga-da adam keşpleri hem görkeziler. Olaryň sýužetdäki orny entek aýan edilmedi.
Filmiň režissýory “Sebäp bolan” (“Порожденный”) we “Wampiriň kölegesi” («Тень вампира») filmleri bilen tanalýan Elias Merij bolar. Filmiň edebi esasyny  “Temple Grandin” filminiň üstünde işlän Kristofer Monger tarapyndan ýazdy.
“Uwwuldy” («Вой») Premethean Pictures we Argo Films kompaniýalary tarapyndan çykarylar. Filmi surata düşürmäge 2026-njy ýylda girişerler.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......