Marko Roýs möwsüm gutarandan soň, Dortmundyň «Borussiýasyny» terk eder

  • 05.05.2024 17:33
  • 7.2k+

Dortmundyň "Borussiýasynyň" ýarym goragçysy Marko Roýs möwsüm gutarandan soň, kluby terk eder. Bu barada futbolçynyň özi hem-de klubuň Metbugat gullugy habar berdi.

34 ýaşly Roýs bu nemes klubunda 2012-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. Bu döwürde ol umumylykda 424 oýna gatnaşyp, 168 gol geçirip we 128 gol pasyny berip, "Borussiýanyň" hakyky taryhy oýunçysyna öwrülmegi başardy.
"Borussiýa" bilen bilelikde Roýs 3 gezek Germaniýanyň Superkubogyny (2013, 2014, 2019) we 2 gezek ýurduň Kubogyny (2017, 2021) gazandy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy (2013). Üç gezek gol Bundesligada möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy 
(2012, 2014, 2019).

«Klubda geçiren wagtym üçin çäksiz minnetdar. Bu klubda men ömrümiň ýarysyndan gowragyny geçirdim. Kähalatlarda agyr pursatlar bolan hem bolsa, geçiren her günüme örän şatdyryn" diýip, Roýs aýtdy.

Häzir "Borussiýa D" Germaniýanyň çempionatynda 5-nji orunda ýerleşýär we indiki möwsümde Çempionlar ligasynda çykyşyny kepillendirdi. Çempionlar ligasynyň häzirki möwsüminiň birinji ýarym final duşuşygynda nemes kluby 1:0 hasap bilen "Pari Sen-Žermenden" üstün çykdy. Jogap duşuşygy Parižde 8-nji maýa geçilýän gije geçiriler.


şu gün 12:33
496

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......