Hytaý ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan toprak almak üçin “Çane-6” stansiýasyny uçurdy

  • 04.05.2024 14:16
  • 5.8k+

Hytaý taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny ýygnamak üçin “Çane-6” awtomatik kosmos stansiýasyny üstünlikli uçurdy. Uçuş Hytaýyň Merkezi telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berildi diýip, TASS habar berýär.

Stansiýa Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan “Çançžen-5 Y8” raketa göterijisiniň kömegi bilen uçuryldy. “Çane-6” orbital, gonuş, uçuş we yzyna gaýtaryş modullaryndan ybarat. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde gonuş modulynyň bortunda Fransiýadan, Italiýadan we Ýewropanyň kosmos agentliginden ylmy gurallar, orbital modulyň bortunda bolsa Pakistandan kiçiräk hemra bar.
Aýyň arka tarapynda gonuş ýeri hökmünde Günorta polýus – Eýtken basseýninde ýerleşen Apollon krateri saýlandy.
“Çane-6” Aýa asuda gonar. Enjam burawlaýjy gurluşlaryň we robotlaşdyrylan kowşuň kömegi bilen Aý topragyndan nusgalary ýygnar. Nusgalar konteýnere ýerleşdirilenden soň, uçuş moduly Aýy terk edip, Aý orbitasyndaky orbital enjam bilen biriger. Soňra yzyna gaýtaryş moduly nusgalary Ýere getirer we Hytaýyň demirgazygynda, Içerki Mongoliýa awtonom sebitinde gonar. Missiýanyň 53 gün dowam etmegine garaşylýar.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan “Çançžen-5” raketa göterijisi uçuryldy. Ol Aýa “Çane-5” enjamyny iberdi. Bu stansiýa HHR-iň hünärmenleri tarapyndan hem ylmy maksatlar, hem ylmy-gözleg bazasynyň gurluşygyna taýýarlyk boýunça taslama üçin öwrener ýaly 2 kg töweregi Aý topragyny ýygnap, uçuşdan, takmynan, 23 gün soň Ýere gaýdyp geldi.

 


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....