IXBT-iň habar bermegine görä, Italýanyň Automobili Pininfarina awtoulag öndürijisi Betmeniň janköýerlerini Brýus Ueýniň we onuň alter-egosyndan ruhlanan täze B95 we Battista superkarlary bilen begendirdi.
Modeller iki görnüşde hödürlenýär: Gotham we Dark Knight. Gotham goňur deri bezegleri we daş tarapy ýalpyldawuk Argento Vittorio boýagy bilen milliarder pleýboýyň şahsyýetini özünde jemleýär. Dark Knight gara reňkli alkantarasy, iki tonly kontrast çyzygy we tutuksy gara tekerleri bilen Betmeniň howasyny berýär.
Iki superkar hem umumy güýji 1900 at güýji bolan dört elektrik hereketlendirijisini kuwwatlandyrýan 120,0 kWt litiý-ion batareýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. 100 km / sag tizlige çykmak 2 sekuntdanam az wagt alýar.
Içki bezegi kaşaňlygy söýýän hiç bir adamy biperwaý goýmaz. Şeýle hem Wayne Enterprises gabykly we Alfred Penniwortyň keşbinde döredilen wirtual kömekçili - Betmeniň baş hyzmatkäri, kömekçisi we ynamdar adamy - kompýuter ulgamy super gahrymanyň dünýäsine çümmegi üpjün edilýär.
Gotham-yň we Dark Knight-yň bahasy aýan edilmedi, ýöne Battistanyň esasy bahasy 2,2 million dollar, B95-iňki bolsa - 4,8 million dollar.
Awtoulaglaryň sany çäkli öndürildi, bu bolsa kolleksionerler - komiksleriň we eksklýuziw superkarlaryň muşdaklary üçin olaryň gymmatyny artdyrýar.