Luwr syýahatçylaryň akymyna garaşyp, Mona Lizanyň köpçülige elýeterliligini gowulandyrmagyň ýollaryny gözleýär

  • 02.05.2024 21:36
  • 8.7k+

Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Luwr syýahatçylaryň gelmegine taýýarlanýar. Dünýäde iň köp barlyp görülýän muzeýe gelýänleriň sanynyň ep-esli artmagyna garaşylýar diýip, France Inter radiostansiýasyna salgylanýan RBK habar berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Luwruň ýolbaşçylary Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” kartinasyny aýratyn jaýa geçirmek mümkinçiligine seredýärler.

"Myhmanlary kabul etmegiň şertleri ýokary derejede bolmasa, hemişe utanýaň we bu Mona Liza degişlidir". Häzirki wagtda amatly çözgüt gözlemek meniň pikirimçe zerurlyk bolup durýar "- diýip, muzeýiň prezidenti we baş müdiri Lorans de Kar belledi.

Le Figaro gazetiniň berýän habaryna görä, “Jokonda” “ýerasty” jaýda, ýagny Luwruň ýerzemininde aýratyn otagda ýerleşdirilip biler.
Häzir ol Luwruň iň uly, 711-nji otagynda (Kanun çykaryjy mejlisler zaly) sergilenýär. Kartina goragly aýna şkafynda goýlan.
2023-nji ýylda Luwr dünýäniň dürli künjeklerinden gelen, takmynan, 9 million myhmany garşy alypdy. Lorans de Karyň sözlerine görä, takmynan, olaryň 20 müň adamdan ybarat bolan 80%-i her gün Mona Lizanyň syrly ýylgyrşyna iň bolmanda sähel salym göz aýlamak üçin adamlaryň uly nobatynda durýarlar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......