Samsung-yň girdejisi 900%-den gowrak ýokarlandy

  • 01.05.2024 14:05
  • 4.3k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics elektronika ägirdi birinji çärýekde amal girdejisiniň 900%-den gowrak ýokarlandygyny habar berdi. IXBT-iň ýazmagyna görä, muňa ýat çipleriniň bahalarynyň öňki durkuna gelmegi we emeli aňa islegiň artmagy oňyn täsirini ýetirdi.

Kompaniýanyň çärýekdäki girdejisi 52,3 milliard dollar, amal girdejisi bolsa 4,79 milliard dollar boldy. Bu girdejiniň 12,81%, amal girdejisiniň 932,8% ýokarlanandygyny görkezýär. Mundan öň, Samsung girdejisiniň 931% ýokarlanjakdygyny çaklapdy.
COVID-19 pandemiýasyndan soň islegiň pese düşmegi sebäpli kompaniýa 2023-nji ýylda rekord ýitgi çekdi. Şeýle-de bolsa, indi bazaryň ýagdaýy gowulaşýar. Citi Research seljerijileri, ösüşi emeli aň arkaly hasaplamalara bolan isleg sebäpli Samsung-yň NAND fleş-ýady biznesiniň potensialy bilen baglanyşdyrýarlar.
Samsung ikinji çärýekde ösüşiň generatiw AI-e bolan islegi bilen şertlendiriljekdigine, şol bir wagtda ykjam enjamlara bolan islegiň bolsa durnukly bolmagyna garaşýar.


düýn 20:30
1.1k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.9k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......