Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Real» bilen «Bawariýa» deňme-deň oýnady

  • 01.05.2024 10:34
  • 10k+

Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda Mýunheniň "Bawariýasy" öz meýdançasynda Madridiň "Realyny" kabul etdi. "Alýanz Arenada" geçirilen duşuşyk 2:2 hasap bilen deňme-deňlikde tamamlandy.

Duşuşygyň barşynda hasaby 24-nji minutda Winisius Žunior açdy. 53-nji minutda mýunhenlilerden Leroý Sane hasaby deňledi. 57-nji minutda bolsa Harri Keýn 11 metrlik jerime urgusyndan toparyny öňe çykardy. 83-nji minutda Žunior 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi.
Belläp geçsek, Harri Keýn Çempionlar ligasynyň bir möwsüminde 11 sany gola getirýän hereketleri edip bilen (8 gol + 3 gol pasy) ilkinji iňlis oýunçysy boldy. Bu babatda ol Dewid Bekhemiň (1998/99) we Stiwen Jerrardyň (2007/08) rekordlaryny geçdi, hersi 10 hereket.
"Bawariýanyň" hüjümçisi Tomas Mýuller hem rekord goýdy. Ol "Bawariýanyň" düzüminde Çempionlar ligasynda 150-nji oýnuny geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhynda Hawiden ("Barselonada" 151 oýun) we Iker Kasilýesden ("Realda" 150 oýun) soň, bir klubuň düzüminde 150+ oýun geçiren üçünji oýunçy boldy.
Klublaryň arasynda jogap duşuşygy 9-njy maýa geçilýän gije Madridde geçiriler. Şol duşuşygyň ýeňijisi finalda "Borussiýa" Dortmund - "PSŽ" jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Final duşuşygy 1-nji iýunda Londonda "Uembli" stadionynda geçiriler.


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 10:36
4k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......