Xiaomi satuw başlanyndan soň bir aýyň içinde 10 müň sany SU7 çykardy

  • 30.04.2024 21:49
  • 8.3k+

Satuw başlanyndan bary-ýogy 32 gün soň, Xiaomi SU7-niň 10 000-nji köpçülikleýin elektrik awtoulagy gurnama konweýerinden çykdy. Bu barada Xiaomi-niň esaslandyryjysy, başlygy we baş direktory Leý Szýun mälim etdi diýip, IXBT ýazýar.

Xiaomi Motors-yň Pekin awtoulag sergisinde ýaýradan maglumatlaryna görä, bronlanan SU7 awtoulaglarynyň sany 75 müň awtoulagdan geçdi, ilkinji 28 günde 5781 awtoulag müşderilere gowşuryldy.
Xiaomi-niň baş direktory Leý Szýun Apple-iň ulanyjylarynyň elektrik awtoulagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy: sargytlaryň 51,9 göterimini iPhone-nyň eýeleri etdi. Alyjylaryň 28% -i - aýallar, 29% -i bolsa Mersedes-Benz-iň, BMW-niň ýa-da Audiniň öňki eýeleridir.
Xiaomi SU7 Pekin awtoulag sergisinde hakyky şowhun döretdi. Täze önümi görmek we synagdan geçirip görmek üçin kiçeňräk  Xiaomi stendinde ullakan nobat döredi.
Xiaomi SU7 Hytaýda 30 müň dollara satylýar. Elektrikli awtoulag ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöreýiş ätiýaçlygy 700 km-den 830 km (batareýa baglylykda) aralygnda bolup, 2,78 sekuntda sagatda 0-dan 100 km-e çenli tizligini artdyrmaga ukyplydyr.


düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......