Nikol Kidman kino sungatyna goşan önjeýli goşandy üçin AFI-niň abraýly baýragyny aldy

  • 30.04.2024 16:25
  • 10k+

Golliwudyň aktrisasy Nikol Kidman kino sungatyna goşan önjeýli goşandy üçin Amerikanyň film instituty (AFI) tarapyndan 49-njy hormat sylagyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Los-Anželesde geçirildi diýip, Film.ru ýazýar.

Kidman “Oskar”, “Emmi”, “Altyn globus”, BAFTA, Berlin film festiwalynyň “Kümüş aýy” baýraklarynyň we beýleki abraýly baýraklaryň ýeňijisi. Karýerasyna 1983-nji ýylda başlady. Öndümli karýerasynyň dowamynda aktrisa “Mulen Ruž!” («Мулен Руж!»), “Sagat” («Часы»), “Giňden ýumlan gözler bilen” («С широко закрытыми глазами»), “Ullakan kiçijik ýalan” («Большая маленькая ложь»), “Hatyrasyna ölmek” («Умереть во имя»), "Beýlekiler" («Другие»),"Dogluş" («Рождение»),"Dogwill" («Догвилль») we beýlekiler ýaly 70-den gowrak filmde we serialda baş keşbi janlandyrdy.
Aktrisany abraýly baýragy bilen gutlamaga kärdeşleri we dostlary, şol sanda Meril Strip, Naomi Watts, Morgan Friman we Riz Uzerspun dagylar geldiler.
Üstünlikleriň täsirli sanawyna garamazdan, Kidman ýetilen sepgit bilen kanagatlanmak islemeýär. Ýakynda onuň gatnaşmagynda “Ekspatlar” («Экспаты») serialy çykdy we tiz wagtdan ol “Maşgala gatnaşyklary” («Семейное дело») romkomynda, “Erbet gyz” («Плохая девочка») trillerinde, “Iň oňat jübüt” («Идеальная пара») (Netflix) serialynda we beýleki taslamalarda hem peýda bolar.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......