Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy we söweşiniň senesi belli boldy

  • 30.04.2024 15:11
  • 38k+

Garyşyk söweş stiliniň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow indiki tutluşygyny 22-nji iýuna geçilýän gije Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) PFL 5 ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy kamerunly Simon Biýong bolar.

Soňky tutluşygynda Döwletjan 13-nji aprelde PFL 2 ýaryşynda Sloweniýanyň wekili Jeýkob Nedony tehniki nokaut bilen birinji raundda ýeňmegi başardy
Professional karýerasynda Döwletjan Ýagşymyradow 22 ýeňiş gazandy, 7 gezek ýeňildi we bir söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
Biýong soňky söweşinde PFL 2 ýaryşynda Antonio Karlos Juniordan ýeňildi. Kamerunly türgeniň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......