Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi

  • 29.04.2024 12:17
  • 7.3k+

28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.
Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ýelogly atly bedewi pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary M.Kiçigulow.
Ikinji çapyşygyň menzili hem 1200 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Garaýel atly bedewi birinji gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary K.Polaýew.
Üçünji çapyşykda-da bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Dorsekil atly bedew ýeňiş gazandy. Dorsekiliň çapyksuwary Y.Allanazarow.
Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Onda çapyksuwar H.Nazkulyýewiň erk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Menzil atly bedewi birinji gelmegi başardy.
Bäşinji çapyşyk ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II diýen dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.
Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary Ş.Myradow.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary B.Agamyradow.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem geçen hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meşhur atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby O.Annaýew.
Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli Toýçy atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Ý.Garajaýew.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.
Dynç güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.


düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
6.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.3k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......