Türk we iňlis dizaýnerleri Samsung üçin kameraly gepleýän gysdyrgyç ýasady

  • 28.04.2024 10:55
  • 13k+

Türkiýeli we beýik britaniýaly dizaýnerler InSight düşünjesini – şowa körlere giňişlikde ugruny kesgitlemäge kömek etjek ýanyňda göterilýän akylly enjamy hödürlediler. “Mail.ru” -nyň habaryna görä, Samsung üçin ýörite işlenip düzülen bu enjam ulanyjynyň eşigine dakylýan kiçijik plastik gysdyrgyç görnüşindedir.

Gurlan kamera daş-töweregi surata alýar we AI ulanyp, obýektleri kesgitleýär. Soňra InSight gören zatlarynyň hemmesini sesli aýdýar. Mysal üçin, ulanyjy ýolyşyksyz pyýada geçelgesinde duran bolsa, gajet oňa awtoulagyň ýok wagtyny aýdyp, ýoldan geçibermelidigini habar berer. Gitmeli ugruňy sesli aýtsaň, InSight nawigator bolup hyzmat eder.
Onuň sesi gurlan dinamikler ýa-da Bluetooth boýunça gulaklyklar arkaly çykýar.

InSight-yň dizaýny Samsung-yň önümleri bilen juda sazlaşýar. Taslamanyň awtorlary gaýtadan işlenen materiallardan InSight ýasamak mümkinçiligine baha bermek üçin Samsung-yň önümleriniň ähli aýratynlyklaryny öwrenendiklerini aýtdy. Şeýlelikde, gajeti kompaniýanyň köne gulaklyklaryny gaýtadan işlemek arkaly alnan plastmassadan ýasap bolýar.
Taslamanyň geljekki ykbaly belli däl. Megerem, topar öz pikirini göni Samsung-a iberer, emma Günorta Koreýanyň ägirtleriniň şeýle önümi çykarmak kararyna geljegi gümana. Häzir korporasiýa başga bir gajetiň, ýagny Galaxy Ring akylly ýüzüginiň üstünde işleýär.


şu gün 10:10
6

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 19:18
3.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......