Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat berdi

  • 28.04.2024 00:28
  • 28k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.

Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.
Serdar Berdimuhamedow “Täze jaýlar gutly bolsun!  Ýurt garşy alsyn!” diýen sözler bilen atşynaslary mübärekledi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow täze jaýlaryň açarlaryny hoşallyk bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli atşynaslarynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleriniň, alymlarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......