Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

  • 27.04.2024 23:38
  • 14k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Dabaranyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine ajaýyp bedewler sowgat berildi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de täze şäheriň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidentinden bu taýa at dakyp bermek haýyş edildi.
Syn ediş meýdançasyna çykarylan Karar we Gülgetir bedewleriniň neslinden bolan, şöhratly Ýeliň ugruna degişli taýçanaga Serdar Berdimuhamedow «Ylham» diýip at goýdy.
Döwlet Baştutany halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, täze doglan «Ylham» atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek enäniň taýýarlan alajasyny dakdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyp ýaşlaryna gowşurýandygyny aýtdy.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......