Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara onlaýn wiktorina yglan edildi

  • 26.04.2024 13:28
  • 4.1k+

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi. Bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp biler. Bu barada Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýär.
Bäsleşik akyldar şahyryň döredijiliginiň özboluşly şahyrana we baý edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hem-de daşary ýurtly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada aýdanlary, şeýle hem beýik akyldaryň öňe süren umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleri barada ýazan goşgulary, terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary bilen baglanyşykly 3 dilde (türkmen, rus we iňlis) taýýarlanan test sowallary esasynda geçiriler. Ýeňijiler jogaplaryň dogrulygyna hem-de testi çözmek üçin sarp eden wagtyna görä kesgitlener.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Baş baýrak we degişli baýrakly orunlary eýelänler kesgitleniler, şeýle hem tapawutlanan gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar berler.
Wiktorina gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen «Wiktorina gatnaşyjylar sowalnamasyny» dolduryp, bellige alynmaly. Resmi bellige alyş tertibi 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne sagat 18:00 çenli dowam eder. Bäsleşige resmi hasaba alşy geçen talyplara bäsleşige gatnaşmak üçin elektron salgy iberiler.
Wiktorina 2024-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne sagat 15:00-dan sagat 18:00-a (Aşgabat wagty boýunça) aralygynda geçiriler.

Bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASYNY şu salgydan okap bilersiňiz.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......