Alymlar ýabany haýwanlary awtoulaglardan halas etmek üçin emeli aň ulgamyny döretdiler

  • 26.04.2024 12:01
  • 10k+

San-Paulu uniwersitetiniň kompýuter tehnologiýalary boýunça braziliýaly alymlary ýolda ýabany haýwanlary ýüze çykarmak we olar bilen baglanyşykly ulag heläkçilikleriniň sanyny azaltmak üçin emeli aň guralyny döretdiler. Gözleg «Scientific Reposts» (SciRep) ylmy žurnalynda çap edildi.

Braziliýa dünýäde iň baý biologiki dürlülige eýedir, ýöne bu artykmaçlygyň zyýanly tarapy hem bar – ýurtda her sekuntda 16 töweregi ýabany haýwan ulaglaryň pidasy bolýar we awtoulaglar bilen urlan oňurgaly haýwanlaryň sany her ýyl 475 milliona golaýlaýar.
Gözlegçiler awtoulaglar tarapyndan yzygiderli urulýan haýwanlaryň bäş görnüşiniň müňlerçe suraty bolan maglumatlar binýadyny döretdiler: pumalar, äpet garynja iýýän haýwanlar, tapirler, möjekler we ýabany pişigiň bir görnüşi bolan ýaguarundiler.
Hünärmenler emeli aňa hödürlenen haýwanlary hakyky wagtda tanamagy öwretdiler. Soňra onuň netijeliligini subut etmek üçin ulgamy synagdan geçirdiler.
Topar döreden neýroulgamyny Braziliýanyň ýol gözegçilik ulgamlaryna ornaşdyrmak üçin tehnologiýa kompaniýalarynyň goldawyny almagy umyt edýär. Bu edilip bilinse, emeli aň nawigasiýa programmasyna habarnamalar iberip, sürüjilere ýolda ýabany haýwanyň peýda bolandygy barada duýduryş berip biler.
Bu gural adamlary puma we beýleki iri ýyrtyjy haýwanlara duşmakdan gorap biler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
971

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...