Toyota kynçylyklara garamazdan, 2023-nji maliýe ýylynda 9,97 mln ulag öndürip, rekord goýdy

  • 26.04.2024 07:24
  • 6.8k+

Ýaponiýada iň uly awtoöndüriji kompaniýa bolan Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy – 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Maglumatlara görä, önümçilik göwrümi geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 9,2% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, korporasiýa meýilleşdirilen 10,1 mln awtomobil maksadyna ýetip bilmedi. Bu, aýratynam, maglumatlaryň galplaşdyrylmagy we üpjün edijileriň zawodlaryndaky, şeýle-de Toyota Motor toparyna girýän firmalaryň birindäki dawalar sebäpli ýüze çykan meseleler bilen baglanyşykly boldy.
Kompaniýa 2023-nji maliýe ýylynda dünýäde 10,3 milliondan gowrak awtomobil satdy, bu hem korporasiýanyň taryhynda rekord boldy. Önüm satuwynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,3% ýokarlandy. Bu ABŞ-da, ÝB ýurtlarynda we Ýaponiýanyň özünde islegiň durnukly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, satuw möçberi iň uly awtomobil bazarlarynyň biri bolan Hytaýda azaldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäde gibrid benzin-elektrik awtoulaglaryna uly isleg bildirilýär.


16.06.2026 09:57
5.2k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......