Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme giriziler

  • 25.04.2024 22:16
  • 10k+

Wise-premýer H.Geldimyradow «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirer. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde degişli tabşyryk berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 
Hasabatyň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň  ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmek, raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen geçirilýän işler barada aýdyldy.  
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  ýurdumyzyň Pensiýa gaznasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň, bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň mümkinçiliginden doly peýdalanmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....