Wenesiýa syýahatçylar bilen göreşýär. Şäher häkimligi jahankeşdeler üçin töleg girizdi

  • 25.04.2024 20:39
  • 7.6k+

25-nji aprelden Wenesiýa şähere diňe bir günlük gelýän syýahatçylar üçin 5 ýewro möçberinde töleg girizýär. Bu barada France24 teleýaýlymy habar berýär.

Täze düzgün 14 ýaşdan uly adamlara degişli bolar. Ilkibaşda tölegi 2024-nji ýylyň syýahatçylaryň has köp bolup, şähere agram salýan 29 gününde almak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, syýahatçylardan maý aýyndan iýul aýy aralygynda dynç alyş we baýramçylyk günleri şäherde bolmak üçin tölegiň talap edilmegine garaşylýar.
Tölegi 8:30-dan 16:00-a çenli şähere gireniňde tölemeli. Goýberiş üçin petek QR kod görnüşinde elýeterli bolar, onsuz giriş üçin 50-300 ýewro möçberinde jerime salnar.
Wenesiýanyň häkimi Luiji Brunýaro taslamanyň heniz synag häsiýetlidigini belledi. Bu düzgün şähere düşýän “agramy” ýeňilleşdirer we syýahatçylary az adamly günlerde gelmäge höweslendirer diýlip garaşylýar.

“Biziň maksadymyz – Wenesiýany ýaşaýyş üçin has ýaramly etmek” diýip, şäher häkimi düşündirýär.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň iýul aýynda ÝUNESKO-nyň hünärmenleri Wenesiýany howp astyndaky şäher hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdiler. Munuň sebäbi hut köpçülikleýin syýahatçylyk, şeýle-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly suwuň derejesiniň ýokarlanmagy boldy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......