Kanadada sugunlary halas etmek üçin möjeklere köpçülikleýin aw guralyp bilner

  • 25.04.2024 21:30
  • 19k+

Demirgazyk dag sugunlarynyň (karibu) sanynyň azalmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri öwrenýän kanadaly gözlegçiler möjekleri atmagyň populýasiýany dikeltmegiň iň netijeli usulydygy baradaky netijä geldiler.

Alymlar “Ecological Applications” žurnalynda neşir edilen makalada möjekleri özüne çekýän loslaryň sanyny azaltmak ýaly beýleki usullaryň o diýen netijeli däldigini belleýärler.
Kanadada soňky 30 ýylda karibunyň populýasiýasy tas 50% azaldy, sebitiň subpopulýasiýasynyň üçden bir bölegi bolsa gyryldy. Alymlar munuň sebäbi hökmünde sugunlary gaçybatalgadan we iýmitden mahrum eden tokaýlaryň çapylmagyny hem-de möjekleriň ýyrtyjylygyny belleýärler.
Soňky ýyllarda hökümetler we ýerli halklar populýasiýanyň azalmagyny saklamaga synanyşyk etdiler, ýöne bu çäreler gerekli netijäni bermedi.
Indi alymlar düýpli çäräni – möjekleriň bir bölegini atmagy teklip edýärler. Olaryň pikiriçe, bu karibuny gyrylmakdan halas etjek ýeke-täk çäredir.
“Guardian” bilen söhbetdeşlikde dokladyň awtorlarynyň biri, alym Kleýton Lemb möjekleri atmasaň, karibunyň ýitiriljekdigini we beýleki bir görnüşi halas etmek üçin möjekleri atmagyň hem diýseň kyn çözgütdigini aýtdy.
Ýeri gelende 2020-nji we 2021-nji ýyllarda Alberta welaýatynda eýýäm 824 möjegiň, 2015-nji ýyldan bäri Britan Kolumbiýasynda bolsa 1944 möjegiň öldürilendigini bellemek gerek.


18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

18.03.2026 16:49
7.2k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

12.03.2026 23:05
8.7k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...