Dalaşgärler ýaryşynda 17 ýaşly hindi küştçüsi Gukeş ýeňiji boldy

  • 25.04.2024 12:58
  • 6.1k+

Erkekleriň arasynda küşt boýunça dalaşgärleriň ýaryşynda 17 ýaşly hindi grossmeýsteri Dommaraju Gukeş ýeňiji boldy. Torontoda geçen ýaryşda gazanan ýeňşi ony taryhda şeýle üstünlik gazanan iň ýaş küştçi etdi.

Bu at ozal 1984-nji ýylda 20 ýaşyndaka dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiji bolan Garri Kasparowa degişlidi. Bir ýyl soň ol küşt boýunça dünýä çempiony bolupdy.
Gukeş 9 utuk toplap, ýarym utuk yzda galan görnükli garşydaşlaryny - Fabiano Karuany, Hikaru Nakamurany (ikisem ABŞ) we Ýan Nepomnýaşşini (Russiýa) ýeňdi.
Şeýlelikde, Gukeş häzirki dünýä çempiony Din Ližen bilen küşt täji ugrunda göreşmek hukugyny gazandy.
Aýal-gyzlaryň ýaryşynda 32 ýaşly hytaýly Tan Çžunýi ýeňiji boldy.Ol dokuz utuk toplap, watandaşy Leý Tinszeden, hindi wekilleri Hampi Konerden we Rameşbabu Waýşaliden öňe saýlandy (üçüsinde-de 7,5 bal).
Indi Tan Çžunýi 2018-nji ýylda hut onuň özi bilen geçen ýaryşda ilkinji gezek ýeňiji bolan, dört gezek çempion Szýuý Wenszýuna bilen dünýä çempiony adyny almak  ugrundaky ýaryşda ýüzbe-ýüz bolar.


03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

19.04.2026 18:54
1.8k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

19.12.2025 09:16
16k+

Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany

«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy...