Raşid Meredow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşdy

  • 25.04.2024 12:24
  • 3.9k+

24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň aşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Ýaňy ýakynda gol çekilen iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň derwaýyslygyny belläp, diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» geçiş, medeniýet, bilim we beýleki çygyrlar türkmen-britan gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......