China Southern Airlines Aşgabat – Urumçi gatnawlarynyň sanyny hepdede iki gezege çenli artdyrdy

  • 23.04.2024 15:01
  • 13k+

18-nji maýdan başlap Hytaýyň «China Southern Airlines» kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär. Täze gatnaw şenbe günleri Urumçi — Aşgabat we ýekşenbe günleri Aşgabat — Urumçi ugurlarynda amala aşyrylar.

Häzirki wagtda Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Urumçiden uçuşlar sişenbe güni, Aşgabatdan uçuş bolsa çarşenbe güni ýerine ýetirilýär.
Aşgabat — Urumçi uçuşy üçin ekonom klasda bir taraplaýyn awiabiletleriň bahasy 381 dollar, iki taraplaýyn awiabiletiň bahasy 612 dollardyr. Ýolagçylar ýanlary bilen 32 kg-a çenli goşlary tölegsiz alyp bilerler.
Ýolagçylar «China Southern Airlines» Aşgabatdaky ofisinden awiakompaniýanyň Hytaýyň içindäki içerki gatnawlaryna hem petek satyn alyp bilerler.
Kassa: Magtymguly şaýoly, 141/1 («Ak altyn» myhmanhanasy), 206-njy ofis.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 36-44-51.


25.06.2026 23:36
5.1k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......