Iň täze Land Cruiser 250 özgerdilenden soň iki adamlyk ýatalga aldy

  • 23.04.2024 11:27
  • 25k+

IXBT-niň habar bermegine görä, Ýaponiýada täze Land Cruiser 250-niň (şol bir Land Cruiser Prado 250) satuwy başlandy we olar bilen birlikde Ýaponiýanyň Jaos, Modellista we Toy Factory atelýeleriniň özgerden ilkinji toplumlary hödürlenýär.

Tebigatda dynç almagy halaýanlar üçin Toy Factory kompaniýasy wnedorožnigiň ýükdanynda iki adamlyk ýatalgany ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän toplumy taýýarlady. Agaç karkasdan we dört ýassykdan ybarat toplumyň bahasy 1980 dollar. Ähli bölekler ýükdana sygýar, olardan islendik wagt aňsatlyk bilen ýatmaga ýer salyp bolýar.
Jaos öňdäki bamperiň demir plastinkaly we gurnalan yşyklandyryşly gorag toplumyny (700 $) hödürledi. Mundan başga-da, kapotyň astyndaky düýbi goramak üçin poslamaýan polatdan plastinany satyn alyp bilersiňiz ($ 250).

Şeýle-de, Jaos-yň özgertme toplumyna şu aşakdakylar girýär:

  • • Tigir arkalaryny giňeldijiler (600 $)
  • • Gara gapdal aýakgoýarlar (855 $)
  • • Enkei-niň öndüren 18 dýuýmlyk Jaos Tribe Cross garyndy tigirleri
  • • Yokohama Open Country palçyk şinalary
  • • Palçykdan goraýjylaryň toplumy ($ 230)

Modellista has üýtgeşik özgertme görnüşini hödürleýär, oňa şu aşakdakylar girýär:

  • • Goşmaça yşyk (500 $)
  • • Krylolary giňeldijiler (855 $)
  • • Gapdal moldingler
  • • Defender stilinde "žabralar"
  • • Wnedorožnigiň şinalary bilen örtülen 20 dýuýmlyk garyndy tigirleriň toplumy (3115 dollar)
  • • Yzky uly spoýler (390 $)
  • • Yzky gapydaky gara gorag bezegi

Şeýle hem, Toyota Land Cruiser 250 üçin sowadyjy, üçek tekjesi (1210 dollar), çüýşe saklaýjy we hapa üçin sebet ýaly markaly esbaplary hödürleýär.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......