Sony we Paramount kinostudiýalary birleşmek üçin gepleşikleri geçirýärler

  • 22.04.2024 21:50
  • 4.5k+

Sony we Paramount kinostudiýalary birleşmek barada gepleşik geçirýärler. Bu barada The New York Times habar berýär.

Apollo Global Management maýa goýum kompaniýasy bilen birleşen Sony geleşigi baglaşan ýagdaýynda Paramount-yň täze eýesi bolar. Apollon Global Management ozal 26 milliard dollara Paramount-y satyn almaga synanyşypdy, emma geleşik başa barmandy.
Paramount-yň “Amal edip bolmajak missiýa” («Миссия невыполнима») franşizasy bilen meşhurlyk gazanan Skydance kompaniýasy bilen birleşmek barada hem gepleşik geçirýändigini bellemelidiris. Warner Bros-yň eýeleri hem Paramount-y satyn almak barada pikir edipdiler, ýöne soň bu pikirlerinden ýüz öwürdiler.
Sony bilen Paramount birleşen ýagdaýynda  “Ümsüm ýer 3” («Тихое место 3»), “Gladiator 2” («Гладиатор 2»), “Sonik 3 kinoda” («Соник 3 в кино»), “Karateçi oglan 4” («Каратэ-пацан 4»), “Wenom 3” («Веном 3») we “Ýaramaz oglanlar 4” («Плохие парни 4») ýaly garaşylýan täze filmleri öz içine alýan filmleriň giň katalogy olaryň gözegçiliginde bolar.


10.05.2026 19:42
1.9k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

22.02.2026 17:37
2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler...

21.01.2026 10:11
1.1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.5k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...