Türkmenistanyň Prezidenti "Galkan" hokkeý klubunyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly atlary dakdy

  • 22.04.2024 07:37
  • 15936
Türkmenistanyň Prezidenti "Galkan" hokkeý klubunyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly atlary dakdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýelän hem-de ýokary netijeleri gazanan türgenlere hem-de tälimçilere Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakyldy:

  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň tälimçisi Meýlis Bäşimowiç Kuliýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň kömekçi tälimçisi Ilýas Taganberdiýewiç Weliýewe.

«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady:

  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrabynyň polisiýa bölüminiň ýerli wekiller bölümçesiniň ýerli wekili, şol ministrligiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Muhammetýar Döwletýarowiç Nuryýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Polisiýanyň howa merkezi gullugynyň dikuçar serkerdesi, şol ministrligiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Keremli Jelilowiç Çaryýewe;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Rahman Kamiljanowiç Myradowa;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Arslan Geldimyradowiç Geldimyradowa;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Musa Orazmyradowiç Annasaparowa;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Begenç Döwletmyradowiç Döwletmyradowa;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Öwezguly Täçmyradowiç Esenowa;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Gurbanmyrat Geldimyradowiç Taňňyýewe;
  • - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Erkin Maksadowiç Kakabaýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Amangeldi Rejepgulyýewiç Aganiýazowa;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Perhat Sähetmyradowiç Atekaýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Pawel Andreýewiç Barkowskä;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Nowruz Eldarowiç Baýhanowa;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Döwrangeldi Timurowiç Baýjaýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Baýmyrat Dörtgulyýewiç Baýmyradowa;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Döwlet Maksatmyradowiç Hydyrowa;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Serdar Çaryýewiç Kakajanowa;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Arslan Myratgulyýewiç Nuryýewe;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Aleksandr Aleksandrowiç Wahowskä;
  • - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň türgeni Ahmet Gurbanowiç Gurbanowa.

21-nji aprelde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


düýn 15:34
4809

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň "Turan" klubunyň baş tälimçisi boldy

22-nji iýunda Gurban Berdiýew resmi taýdan Azerbaýjanyň «Turan» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Taraplaryň degişli ylalaşyga gol çekendiklerini klubuň sport direktory Samed Nasibow habar berdi. Berdiýew bilen...

22.06.2024 19:08
19284

Ýagşymyradowyň PFL-de indiki garşydaşy belli boldy. Söweş 16-njy awgustda bolar

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy awstraliýaly Rob Wilkinson bolar. Agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýarym finalynyň çäklerinde geçiriljek söweş 16-njy awgustda bolar. Şenbe güni Solt...

22.06.2024 18:09
11579

Suwhan Öwezgeldiýew söweş sambosy boýunça Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempion boldy

Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri Suwhan Öwezgeldiýew Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde geçirilen söweş sambosy boýunça halkara Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyna eýe...

22.06.2024 09:28
28571

Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýongy ýeňip, PFL-iň pleý-off tapgyryna çykdy

Şu gün ir säher bilen Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça «PFL 5» ýaryşynyň çäginde türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongdan üstün çykdy...