Hokkeý ýaryşyna gatnaşan toparlaryň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar

  • 22.04.2024 07:25
  • 13k+

2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyna gatnaşan klublaryň kapitanlary ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

"Hokkeý boýunça şu gezekki halkara ýaryşyň hem döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine, sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýarys. Türkmenistanyň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigini göz öňünde tutup, biz ak mermerli Aşgabady Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly guramanyň çäginde halkara sport paýtagty hökmünde yglan etmegiň örän ýerlikli boljakdygyna ynanýarys" diýlip Gutlagda aýdylýar.
"Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşmakda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, döredilen ähli şertler we mümkinçilikler, bildirilen myhmansöýerlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris" diýip, ýaryşa gatnaşyjylar bellediler.

20-nji aprelde Aşgabadyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy, baş baýragy Türkmenistanyň “Galkan” kluby aldy. Final oýnunda Türkmenistan IIM-iň hokkeý kluby RF-iň Tatarstan Respublikasyndan “ADIHIC-Kazan” klubuny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda utdy.
Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda “Galkana” altyn medallar we Kubok gowşuryldy. “ADIHIC-Kazan” kümüş medallara mynasyp boldy.
Bürünç medallary şenbe güni üçünji ýer ugrundaky oýunda Özbegistanyň “Feniks” klubuny 12:4 (3:0, 6:2, 3:2) hasabynda utan “Volat” belarus toparynyň oýunçylary aldy.
Ýörite baýraklar bilen ýaryşyň eminleri-de we iň gowy oýunçylary-da: derwezeban Ýaroslaw Lagun (“Volat”), goragçy Musa Annasaparow (“Galkan”) we hüjümçi Aýdar Miftahow (“ADIHIC-Kazan”) sylaglandy.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......