Merkezi Ýewropada we Balkanlarda yssydan soň gar ýagdy

  • 21.04.2024 15:26
  • 19k+

Merkezi Ýewropada we Balkanlarda adaty bolmadyk yssy ýazdan, käbir sebitlerde temperaturanyň 30°C-e çenli gyzmagyndan soň, garaşylmadyk ýagdaýda gar ýagdy. Gar Awstriýa, Horwatiýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina düşdi diýip, Euronews habar berýär.

Rumyniýada iki gün dowam eden yssydan soň, şu hepde temperatura 20°C-a çenli peseldi. Şeýlelik bilen, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kluž-Napoka şäherinde termometriň sütünjigi 25°C-den 4°C-e çenli aşaklady.
Awstriýada, Karintiýadaky Paksattel geçelgesini hem öz içine almak bilen, daglyk ýerlerde gar ýagdy. Doňaklyk sebäpli birnäçe ýol heläkçiligi hadysalary boldy we köp ýollarda typmakdan goraýan zynjyrlar gerek boldy. Halas edijiler agaçlaryň garyň agramyna çydaman ýykylmagyndan gorkýarlar.
Horwatiýada ýurduň käbir ýerlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagdy. Ýaşaýjylar güllän miweli agaçlara sowuk urmagyndan ätiýaç edýärler.
Gar Bosniýa we Gersegowinanyň daglyk ýerlerini, şeýle hem ýurduň paýtagty Saraýewony örtdi. Ondan öň sebitdäki howanyň temperaturasy 30°C-a ýetipdi, bu Balkanlar üçin ýylyň bu wagty adaty däl howadyr.
Klimatologlar howanyň temperaturasynyň birden peselmegini howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Ondan öň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy 2023-nji ýylyň taryhyň iň yssy ýyly bolandygyny, 2024-nji ýylyň ondanam has yssy ýyl bolup biljekdigini mälim etdi.


15.06.2026 15:47
10k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......