Gazagystan köpçülikleýin futboly ösdürmäge goşan goşandy üçin UEFA-dan baýrak aldy

  • 21.04.2024 09:34
  • 5k+

Gazagystanyň Futbol federasiýasy (GFF) köpçülikleýin futbol boýunça iň gowy taslama üçin UEFA-dan baýraga mynasyp boldy. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, meta-ratings.kz habar berýär.

2023/24-möwsüminiň UEFA-nyň “UEFA Grassroots Awards” köpçülikleýin futbol baýragynyň gowşurylyş dabarasy Nýon şäherindäki guramanyň ştab-kwartirasynda geçirildi.  
2023-nji ýylda GFF tarapyndan geçirilen “Çagalar öýüniň çagalarynyň arasynda futbol festiwaly” taslamasy 2023/2024-möwsüminiň UEFA-nyň köpçülikleýin futbol baýragyny gowşurmagyň çäklerinde köpçüligi futbola çekmek boýunça iň gowy taslama diýlip bellenildi.
GFF-niň howandarlygynda bu taslama 2023-nji ýylda birnäçe aýyň dowamynda geçirildi we Gazagystandaky çagalar öýleriniň çagalary üçin toparlaýyn işlemek endiklerini ösdürmäge, beden we akyl saglygyny berkitmäge, şeýle-de ýakymly sosial gurşawy döretmäge özboluşly mümkinçilik berdi.
UEFA-nyň köpçülikleýin futbol nominasiýasynda Gazagystan Germaniýadan we Çehiýadan öňe geçdi.
UEFA Grassroots Awards baýragyna dalaşgärler Ýewropanyň milli futbol assosiasiýalary tarapyndan hödürlenýär, baýragyň laureatlary bolsa UEFA-nyň Ösüş we tehniki kömek komiteti tarapyndan saýlanýar. Bu baýrak 2010-njy ýyldan bäri futbolda görnükli goşantlar we üstünlikler üçin berilýär.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......