Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

  • 20.04.2024 12:47
  • 14k+

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli  Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.  

Bellenilişi ýaly,  ýurdumyzda asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, Ýeňiş güni mynasybetli olara Prezidentiň adyndan dabaraly ýagdaýda pul serişdeleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. 
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk we edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýeleýärler. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......