Samsung kompaniýasynyň ýolbaşçylary çökgünlik sebäpli alty günlük iş hepdesine geçýärler

  • 19.04.2024 22:24
  • 16k+

Günorta Koreýanyň Samsung Group holdinginiň bölümçeleriniň ýolbaşçylary wonanyň hümmetiniň pese gaçmagy, nebitiň bahasynyň we karz boýunça goýumlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly kyn ykdysady ýagdaý sebäpli alty günlük iş hepdesine geçýärler. Bu barada “The Korea Economic Daily” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Biziň Samsung Electronics ýaly esasy bölümçelerimiziň görkezijileriniň 2023-nji ýylda garaşylan netijäni bermändigini göz öňünde tutup, biz çökgünligi ýeňip geçmek maksady bilen ýolbaşçylar üçin alty günlük iş hepdesini girizýäris” diýlip, holdingiň beýanynda aýdylýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Samsung Electronics-iň ýolbaşçylygy, şol sanda önümçilik we söwda bölümçeleriniň işgärleri bäş günlük iş hepdesinden soň ýa-ha şenbe güni, ýa-da ýekşenbe güni işlärler. 2023-nji ýylda Samsung Electronics 11 mlrd dollar möçberde operasion ýitgini hasaba aldy.
Şu hepde şeýle iş tertibine Samsung Display, Samsung Electro-Mechanics we Samsung SDS hem geçer. Käbir bölümçeleriň ýolbaşçylary eýýäm ýylyň başyndan bäri hepdede alty gün meýletin işleýärler. Ýöne Samsung Group-yň bölümçeleriniň beýleki işgärleri 2003-nji ýylda kesgitlenilişi ýaly, hepdede bäş gün işlemegini dowam etdirerler.


17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......