“Galkan” kluby hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalyna çykdy

  • 19.04.2024 11:51
  • 8k+

Türkmenistanyň “Galkan” klubunyň hokkeýçileri şu günler Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda “A” toparçada möhletinden ir ýeňiş gazanyp, ýaryşyň finalyna çykdylar. Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Andreý Makarow bilen Meýlis Kulyýewiň topary Özbegistandan “Feniks” toparyny 9:1 hasabynda utdy.

“Galkan” duşuşygyň ilkinji minutlaryndan garşydaş toparyň derwezesine garşy aýgytly hüjüme geçdi. 7-nji minutda Perhat Atekaýew hasaby açdy, soň ol ýene dört şaýbany geçirip, penta-trigiň awtory boldy.
“Galkan” yzygider dördünji ýeňşini gazanyp, 12 utuk gazandy we topardaky garşydaşlar üçin yzyndan ýetmezek boldy. “Galkanyň” finaldaky garşydaşy 19-njy aprelde belli bolar.
“A” toparçanyň beýleki bir oýnunda “Ice Box” eýran topary 6:0 hasabynda “Oman Nationals-dan” üstün çykdy. Şu ýeňişden soň eýranly hokkeýçiler utuk boýunça “Feniks” (hersi 6) bilen deňleşip, ikinji orna we bürünç medal üçin oýna dalaşgär boldular.
“B” toparçada Tatarstandan “ADIHIC-Kazan” “Volat” belarus toparyny 6:3 hasabynda utup, toparçada birinji orny eýeledi. Gyrgyzystandan “Dordoi” bolsa Türkiýäniň “Team-Turkiye” toparyny 4:2 hasabynda utup, ýaryşda ilkinji ýeňşini gazandy.
19-njy aprelde geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde finalda we 3-nji ýer ugrundaky oýunda duşuşjak toparlar kesgitlener.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....