Indoneziýanyň adalarynyň birinde Ruang wulkany atyldy

  • 18.04.2024 17:57
  • 13k+

17-nji aprelde Indoneziýada Demirgazyk Sulawesi welaýatynyň Tagulandang adasynda ýerleşýän Ruang wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi diýip, ýerli metbugata salgylanýan The New York Times ýazýar.

Ýerli wagt bilen sagat 19:19-da başlanan atylma howa giňişligine 300 metr beýiklikdäki kül sütünini zyňdy. Häkimiýetler golaý obalaryň 800-den gowrak ýaşaýjysyny gyssagly göçürdiler. Göçürilenler üçin sebitde täze wagtlaýyn ýaşaýyş merkezleri açylýar.
Ruang wulkany - bu köp ýyllaryň dowamynda lawa, kül we wulkan işjeňliginiň beýleki önümlerinden emele gelen stratowolkandyr. Ruangyň soňky uly atylmasy 2002-nji ýylda bolupdy.
Indoneziýa "Otly halka" diýlip atlandyrylýan zolakda - Ýuwaş ummanynyň astyndaky tektoniki plitalaryň çaknyşýan ýerinde ýerleşýär. Bu sebitde ýertitremeleri we wulkan atylmalary ýygy-ýygydan bolýar.


düýn 14:57
5.7k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.2k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....