Singapurdaky işgärler indi iş berijilerinden dört günlük iş hepdesine geçmegi talap edip bilerler. SCMP-iň berýän habaryna görä, Adalatly we ösüşli işe ýerleşdiriş tejribesi ugrundaky üçtaraplaýyn bileleşik tarapyndan işlenip düzülen täze düzgünler çeýe iş meýilnamalaryny ýokarlandyrmagy we iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny goldamagy maksat edinýär.
Üç taraplaýyn iş toparynyň egindeş başlygy Ýeo Wan Ling: "Çeýe iş tertibi köplenç hossarlar, aýallar we ýokary derejeli işgärler üçin esasy faktor bolup durýar" -diýdi.
Şol bir wagtyň özünde, öndürijiligiň peselmegine, çykdajylaryň artmagyna ýa-da işiň aýratynlyklary sebäpli mümkinçilik ýok bolsa, kompaniýalaryň işgärleriň isleglerini ret etmäge-de hukuklary saklanýar.
2024-nji ýylyň ahyrynda işgärleriň çeýe iş meýilnamalaryny talap etmäge hukugy bolar.
Dört günlük iş hepdesine geçmek üçin synag taslamasy Germaniýada hem amala aşyrylýar. Oňa 45 kompaniýa gatnaşýar. Ýurt gysgaldylan iş hepdesiniň öndürijiligi ýokarlandyrjagyny-ýokarlandyrmajagyny anyklamak isleýär.