Bir zarýady 180 güne ýetýän iň arzan akylly ýüzügiň satuwy başlandy

  • 18.04.2024 15:19
  • 7.4k+

Xiaomi degişli bolan Black Shark brendi ilkinji akylly ýüzüginiň satuwynyň başlanandygyny yglan etdi. Enjam Apreliň başynda mälim edilipdi.

Black Shark ýüzügi metaldan ýasalan, galyňlygy 2,2 millimetr, bu bolsa ulanyşda amatlylygy we rahatlygy üpjün edýär. Enjam ýürek urgusynyň ýygylygyny, ganyň kislorod bilen doýgunlyk derejesini, ýürek ritminiň üýtgemelerini we bedeniň gyzgynlygyny ölçäp bilýär.
Kompaniýada ýüzügiň bir zarýadda 180 güne çenli işläp biljekdigini bellediler. Enjamyň zarýad üçin ýörite gutusy bar.
Ýüzük polatdan edilip, gara we gyzyl reňklerde elýeterli. Onuň daş ýüzünde smartfondan täze habarnamalar gelen wagty ýanyp-öçýän ýagtylyk görkezijisi bar. Şeýle hem smartfony uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän panel bar. Onuň üsti bilen aýdymlary geçirip, jaňlara jogap berip we kamerany işledip bolýar.
Ýüzügiň bahasy 599 ýuan. Häzirki wagtda ol bazarda bar bolan iň arzan ýüzük hasaplanýar. Satuwlar häzirlikçe diňe Hytaýda ýerine ýetirilýär.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...